08:48 Köne güzer | |
|
Ýok, Men indi "Yşkyñ çyragy söndi", Diýip öz-özümi atmaryn oda. Köne güzer bilen şärikli derdim, bolan ykbalymy salaryn ýada. "Ölsem-ä - Ýeriñki, ölmesem - señki, Halys keç eñegne tutmasa pelek". Ähti-wadalaryñ biweçliginden, Görä, bu gün jiger bolmuş janserek. Sen özge, Men başga gujaga düşdüm, Sebäp bolup bir bigäne bagta biz. "Ömür" atly soñlanmajak sahnada, Utup bilýän - aşyklykdan daşdadyr. Indem köne güzer bilen arada, Külterleýäs uzap barýan ýoly biz. Bir-biregi baky söýmeklik üçin, Bir-birekden aýra düşen ýaly biz. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||
