17:49 Güljahana iberilmedik goşgy | |
Ölmez Güljahanym saña ýar bolan, Gülmez Güljahanym saña zar bolan. Gara Seýitli. Sen meniñ ilkinji söýgim Güljahan, (ikinji bir soýgi bolmany üçin) Sen ilkinji gaýgym, Gussam. Tukatlygym bir özüñ. hemem maña biwepalyk şerbetini içiren. Iñ ilkinji hemem ýeke-täk sensiň. Gara gyşa dönüp ömrümiñ ýazy. durmuş daragtymyñ şahalarynda ne bir ýaprak ne-de miwe galypdy, Señ şeýdip gitmegiñ, (owal-ahyrda) gaýtalap bolmajak biwepalykdy. Hol depaniñ yamajynda oturan, Agaç ýaly durun, Bilemok butnap. Bu ýerler iñ ilki duşuşyk ýermiz, Ýaşap ýörün her ädimi unutman. Meniñ doýup bilmän bakan didelem, Ganyp bilmän gaýta soran gül lebim. Oylardym; sen bolsañ gündiz-gijeler, Şol ýaşap ýörerin, hem hiç ölmerin. Säherler ter şemal nazaket bilen, Süýkense ýüzümi öwürýän terse, Men nädip ýaşaýyn, nädip gezeýin, Ýar ýatyrka toprak bolup ýerlerde. Iki elim ýüze tutup oturýan, Getirýärin göz öňüme men seni. Biwepa sen, hiç wagt seni geçirmen, Ýalňyzlyga dözeniňe men seni. Gökde bolsa eýýäm dogupdyr ýyldyz, Diýmek ýene garalypdyr, Daralypdyr giň jahan. Ýöne bir zady bilip goý owal-ebetde, Duşuşmal-a bolarys biz, Güljahan. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
