00:34 Gurbaga | |
Maňa gözüň balkyldadyp garama, Geň maňa seň bu garaýşyň gurbaga. Men güzere geldim batamsoň gama, Geldim bile dymyp söhbet gurmaga. Senem bu dünýäde bir täsin jandar, Menem gezip ýörün birhili mahluk. Ýöne sende birje artykmaçlyk bar, Mende weli ýok ol, men ondan mahrum. Gurbaga dost! Sen suwlarda ýüzýärsiň, Arkaýyn gezýärsiň gury ýerde-de. «Warryk-wurruk» edip, joşup sözlärsiň, Owazyňy çekip belent perdeden. Seniň ýaly bolup bilmejegim hak, Başarman sesimem sesiňe deňläp. Ýöne gamyň derýasynda bolman gark, Ýüzüp bilsemem bes, özüňe meňzäp. *** Derýa akyp ýatyr, sesi-üýni ýok, Giňligine haýran, çuňlugna haýran. Diňe öňe barýar, Yza dönenok, Indi çeşmä dönüp gör haçan saýrar?! Gök deňze garylyp gitmeli indi, Onsaň derýalygyn ýitirer anyk. Ýöne ýagşylygy edensoň endik, Derýa Akyp barýa paýhasa çümüp. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
