13:34 Güýz | |
|
Güýzüň özboluşly gözelligi bar, Ýere düşäpdir ol altyndan haly. Arman, zerbap donun geýen bu baglar, Ömrümiň mizanyn ýatladýan ýaly. Howa-da gün-günden çigrekläp barýar, Ýok indi öňki deý tomusyň howry. Bilbilleň ýerine dünýä dolupdyr, Saralan baglarda gargalaň gowry. Güýzüň bu pursadyn synlan halatyň, Ýada düşýär gyşyň ýetip gelýäni. Şahasyndan tänen ýaprak diýdirýär: «Paýawlap ýör öýdýän ömrüň öýläni». Ýok, men muny ruhdan düşüp aýdamok, Göwün kirşim çalanok gussaly saz. Ýöne yza garap biraz örtenýän, Geçen ömre görä edilen iş az. Döwran AGALYÝEW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
