08:15 Güýz peýzažy | |
|
Diñ salyp ýandagyñ dänelerine, Akbaşyñ tozgasyn uçuryp her ýan. Göz aýlap gowaçañ hanalaryna Güýz güni atyzyñ çilinden barýan, Ir bilen obamyñ ýolundan barýan. Howatyr edemok sary arydan Kökesinde üşäp otyr ir säher. Aýamok köwşümi tozandan, çöpden, Hanha, ýeke söwüt, alysda şäher. Toraññyly tokaýlardan aşmaly, Pyýada geçere uzak ýalydyr. Şäherli bolsamam, beýle däl maña, Bu keşde çekilen oba ýoludyr. Ýollar-a köp, saýlamaly birini, Öýmüziñ baglary gözüme ilýär. Simli sütünleri ýa gaz turbasyn Yzarlap, çet ýere baryb-a bolýar. Jeññele dönüpdir mekgejöwenler, Içine giräýsem, ugrum-a ýiter. Günebakarlaram şondan-a pes däl, Şujagaz ýodadan barýanym ýeter. Ýolumy gysgaldyp, dogurlap barýan, Alañdan-alaña, joýadan-joýa. Depeden derekleñ boýuny görýän Ýetmeli ho:ol ýerde oturan jaýa. Kokaýşy küýsedýän, keýpi kök edýän, Saýaly sazagy, ýylgynlary bar. Gözellik gözleseñ, gözüñ dok edýän Tomzagy, towşany, sülgünleri bar. Ýarygyjdan jy:klap ýatyr geçene, Garaja göreçli ga:ba garpyzlar. Näçe gizlense-de, gözüñe ilýär, Pelleriñ içindsn ala garpyzlar. Ýeriñ diñläp ýatyr gyş gawunlary, Güýzüñ sowugyna ýanyny berip. "Göbegenäñ" aýak sesin eşitjek, Guran murtlaryny her ýana gerip. Tylla güýzüñ zerli küýzesi ýaly, Bally golça ýaly kädiler ýatyr. Gelene-gidene gol bulap käsi Çeperä çyrmaşyp saýlanyp otyr. Guwanyp, deñinde synladym ýene, Harman depeleriñ bereketi bar. Obamy synlasañ, säherde eýýäm Zähmetkeş adamlañ hereketi bar. Howlukmaçlyk bilen geldi ýene-de, "Garaşdyrdymmykam" diýip güýz güni. Çugudyp oturdy, ýylgyrdy birden Umyt bilen giç açylan güýz güli. Tebigatyñ dynç almaly günleri Ýakyn gelýär, käbir otlar gurapdyr. Ahyr bu ýerlere gyş göçüp geljek, Eýýäm öý goşlary gelip ugrapdyr. Bu ýerlerde ýagyş ýagar, ýel ýüwrer, Hem tämizlik serpaý bolar sährama. Gabanjañ bulutlar saýa salarlar, Köp işleri berjaý bolan sährama. Zähmete söýgi bar, guwanç, buýsanç bar, Şadyýanlyk güýjän ýaly bu güýzde. Miweler, däneler, ir-iýmiş deýin Ýaşaýyş hem süýjän ýaly bu güýzde. Rahmanberdi GÖKLEÑOW. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
