07:41 Gyz gala | |
|
Dünýäde galadyr köşki-saraý kän, Atlary hem bir-birinden azymly. Emma, Gyz galasy, seniň adyňy Gaýtalamak, şeýle kalba ýakymly. Seniň bu ýönekeý adyň hakynda Hakykaty aýan etmek juda kyn. Belki, Taryh syrdam sütünleriňde, Gyz syratyn gören bolmagy mümkin. Sen meňzeýäň bir aşyk binägäriň Söýgüsinden dörän heýkel esere. Ýa gadym döwürde asman hüýrleri Seniň bilen gökden indimi ýere?! Sen ýönekeý ymarata meňzäňok, Işigiň asmanda. Nämäň hikmeti?! Oňa barýan ýol ýok, tapandyr diňe Kalbynda bar bolsa ýagşy niýeti. ...Dünýäde galadyr köşki-saraý kän, Atlary hem bir-birinden azymly. ...Seň syryň gyzlaryň kalby deý pynhan, Adyň welin, edil ýaz deý ýakymly. Gurban GURBANOW. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
