01:47 Köçämize seniň gadamyň düşdi... | |
Köçämize seniň gadamyň düşdi: Yhlasly suwlanan, sabry suw bolan köçe ogşap galýar aýaklaryňdan. Ýolgyra ekilen al-elwan güller Görk alypdyr seniň ýaňaklaryňdan. Hemme saňa höwes bilen garady, Gözlere nur bolup siňip barýarsyň. Içiňden buýsanyp, emma sen haýaň Öňünde başyňy egip barýarsyň. Saçlaryňy sypap geçen şemalam, Ys alypdyr seniň sepen müşkiňden. Şatlyga beslenip gussaly göwnüm, Nur çaýyldy köçä nurly keşbiňden. Seniň aýaklaryň sesine kybap, Kalbymda oýandy üýtgeşik seda. Göwnümemi ýa däl, emma şu gün-ä Köçämiz owadan göründi juda. Hawa, köçä seniň gadamyň düşdi... Gurban GURBANOW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
