08:45 Habar | |
|
„Eje, men bir dünýä düşdüm, Dünýä diýseň „dünýä“ eken...“ Aýgül Garaýewa Ganatsyzam uçup ýörün, Täsin dünýä düşdüm, eje. Ýa-ha bular hut hakykat, Ýa huş ýaly düýşüm, eje. Gördüm öýdýän bagtyň keşbin... Meňzeşmikä asyl, eje?! Ol meniň ýanymda ýaly Hemem juda alys, eje. Bir görsediň, Aý üstünde Joşup-joşup läle kakýan. Maňa bagt dilän melegim Ýyldyzlardan monjuk dakýar. Barýan ýolum — akja bulut, Serhedi ýok, ýadamadym. Gözlerimden zer dökýärin, Eje jan, men aglamadym. Bu täsin syrly dünýäde Hemişelik galjak bolýan. Şonuň üçin bu görnüşi Setirlerme saljak bolýan. Görsene bolýan zatlary: Saklap bilmän ýaşym, eje... Ganatsyzam uçup ýörün, Ýa düýşüm, ýa huşum, eje... Bilbil KAKABAÝEWA | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
