20:46 Halkym | |
Gaýduwsyz, batyr hem biçak edepli, Emma käbir zatda geleňsiz halkym, Ýurt baryny çapyp, asyrlarboýy Ýurt eýesi bolman gelensiň, halkym. Egilmediň, egri gylja daýandyň, Egrilikden nyşan ýokdur zandyňda. Ýöne kän horluga duçar bolduň sen, Öz köre-kör gazabyňda ýandyň-da. Güne ýatanam — han, serkerdäňem — han, Öňde-soňda bir agyza bakmadyň. (Maňlaýsyz mert hakda söhbet açylsa, Halkym, ilkinji söz özüň hakdadyr!) Söweş güni Göroglydyň, Keýmirdiň, Başga mahal daýhan ýa-da çopandyň. Ynanjaň, yňdyrma, şeýlekin sada, Şol sebäpli bir-biregem çapansyň. Sen öňem azlykdyň, hasam azaldyň, Bölünip kän taýpa, kän tirelere. Soňsuz söweşlerden ürken Ykbalyň uýan süýräp gitdi, gör, nirelere! Halkym, Eý, türkana, yňdyrma halkym! Nämeleri ýitirenňi duýsaňdyň. Mümkin bolan zatlaň baryn ýitirdiň, Galdy diňe namys-aryň, buýsanjyň. Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
