06:18 Seni ýatlap.. | |
Indi hiç zat ýüregimi gozganok, Ýer ýok onda şatlyga-da, gama-da. Düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum, Bu günem bir toýda boldum tamada. Dünýäniň şowhuny azalan ýaly, Ýekelik höwesi aňyma ýaýran. Edil häzir jaýlar uçup gitse-de Ahmal, men şoňa-da galmaryn haýran. Her zat boljak eken ýagty dünýäde, Bolman biljek eken, bolmaly zadam. Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa, Ýürekdeş dostuny küýseýär adam. Menem seni küýsäp, meýdana çykdym, Çopantelpekleri söýdüm, ysgadym. Şolara-da ýaman nebsim agyrýar, Olaryňam galan ömri gysgadyr. Çünki, ýene güýz gelipdir äleme, Çygly şemal kän öwüsýär ilerden. ...Seň bile sary gül ýygardym weli, Uzakda sen gülüň parhyn bilerden. Çary ÝEGENMYRADOW | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
