13:52 Halkymda gadymdan gelýär şu adat... | |
|
Gara Seýitliýew Halkymda gadymdan gelýär şu adat. Halkymda bu günem şu ajap däp bar. Çöregi aýandan – aýrylar apat, Çöregi aýanda dost-ýaram köp bor. Çöregi aýanlar – gadyry biler, Hökmi rowandyr hödüri bilen. Bir çümmük duz, Bir gysym un, Bir owurt suw – Müň ajap arzuw. Bugdaý sümmüliniň ygşyldysynyň, Derýa tolkunynyň pagşyldysynyň Bilýäňizmi gözbaşlary nämeden? Ýeke damjadan, Ýeke gunçadan, Ýeke däneden. Bu barlygyň bary, Baýlygyň bary – Eneleň duztorbasy, Kendirigniň urbasy, Atalaryň üfläp agzyna atan, Okuwçy jigileň jübsünde ýatan Owuntyk nany. Şol owuntyk nany etmeseň yrýa, Ol uly saçaga alybam barýa, Bir owurt suwuňam aňyrsy – derýa, Derýalar birigip, deňize guýýa. Onsoň deňiz bolup, joşar bereket, Bu sahawatlyklar artar ýene köp. Şol bir ýerden – Ýekeje alyn derden, Ýekeje digir gantdan, Ýekeje ýagşy pentden, Goňşokaradan, Toýda tagam hakda goşgy okalmadan Ýa aýdylan bir bentden, Ýalkanyp, ýaz güllär şäherde, kentde. Halkymda gadymdan gelýär şu adat, Halkymda bu günem şu ajap däp bar. Çöregi aýandan – aýrylar apat, Çöregi aýanda – bereket köp bor. 1985ý. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
