15:09 Halypalyk | |
|
Goşgy älemindäki iň ilkinji synanyşyklarymyň hemaýatkäri «Sowet Türkmenistany» gazetiniň şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...Iň uly halypam Pyragy weli, Ilkinji ädimmi penalamakda Ilkinji goluny uzadan adam Başga howandardy, başga kişidi. Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...Ullakan halypam Puşkindi weli, Täze halypam hem halypalykda Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem Şonuň emri bilen alga geçipdi. Ýok, ol Puşkin däldi. Ýöne şo pursat Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...Ullakan halypam atamdy weli, Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda, Orakly atamyň ýetişmedigni Kem-kemden taplapdy eli çekiçli. Ýok, ol atam däldi. Ýöne meň üçin Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
