08:08 Haýsy oglan söýse-de |
HAÝSY OGLAN SÖÝSE-DE
Ýaramyň kesmegin dyrnama ýene,
Giden soň bir gez hem garama yza,
Ýene gelip gyş eýleme kalbymy,
Orun ýok dünýämde seniň deý gyza.
Kükregimde agy döredi şol gün,
Giden wagtyň adimlerňe bakmadym,
Erkeklik mertebäm gowsundy şonda,
Senden özüm juda alys sakladym.
Setirlere sygmaz gussaly sözler,
Sen hakda köp ýazga, syýa dökerin,
Ykbal duşuraýsa... birden eý aman,
Görmedik bolaryn geçer giderin.
Senem şonda garap galma yzymdan,
Yüregin, seredip göräý diýse-de.
Wepaly bol, mana wepasyz söygim,
Indi seni haýsy oglan söýse-de.
Gurbanmämmet MEREDOW.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 414 |
Добавил: Zehin
| Теги:
| Рейтинг: 4.0/2 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
1
Ilki kowduñ-da, soñam golaýlaşdyrdyñ Gurbanmämmet!
|

0
3
Zehin
(18.08.2021 09:31)
889
Ay yokla. Ykbal duydansyz yolda yodada dusuraysa birden diyyana
|
1
Ýöne goşgy erbet däl
|
|
|
|