22:09 Iki | |
Ho-ol baharyň bir güni, Oýandym! Ýüregim ölüpdir, Duýgularym diri gömülipdir, Jelladym gelipdir! Gaflat basypdyr ruhumy, Eşitmedim ýüregimiň gohuny. Maňa seslenendir: "Meni halas et!" Hasyrdandyr, gursagma sygmaýşy ýaly, Syzlaýşy ýaly! Egnimde ýa:s eşigim, Wah, ýüreg-i-i-im, çekipdi kän keşigim, Ahyr öldi, eşidiň! Biri geldi, Gelişi geňdi, Ölüm ýaly sessizdi! "Tilkiler" tans edýär ýüzünde, Garajyk däl, mekirlik bar gözünde, Ýalanlaryň aýdymy bar sözünde, Nätanyş özüde! El uzadyp diýdi: "Tanyşalymy?" Tanyşdym, Men şol günden bäri, Ýeke däl, Iki! Aýsapar EMELOWA | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
