03:23 Irki goşgulardan | |
Kime garaşýaň, Gyrpyldysyz gözleriňi sowa bilmän uzakdan, Boş-a bilmän oý-pikirli duzakdan. Kime garaşýaň? Çümdürip ak goluňy, Batgasyna buludyň, Garaýarsyň garasyna iňrigiň, Ýoluň ýitýän ýerine! Ýagyş bary damar-damar ýaprakda, Ezilip güýzüň güni, Damja bary kirpikde, Çöke düşüp toprakda, Kime garaşýaň? * * * Ýum gözüňi bir bada, Çykar ak goluňy tümünden bolduň, Açylsyn howa, yer-gün çalyksyn, Asman, ýere ýoluksyn. Ýitip barýar gözýetim, Batyp barýan şapakda, Kime garaşýaň? Bakylyk bar bolsa ýalançydan soň, Ebediýet sen, Çyn özgeriş sen, Maksat-niýet sen, Ýaradylyş sen. Sen söýginiň goragy-a, Sen jahanyň sylagy-a, Garaşma tur ýeriňden, Sen güneşiň ojag-a, Kime garaşýaň? • Çatrykda Çatryga ýetdik, Yzda galdy uzak ýol, Aýlawlary, belgileri bilen, kötelleri, inišleri bilen, Doňlary, günešleri bilen. Çatryga ýetdik, Yzda galdy ýaşlygymyz, Ýazlary, Güýzleri bilen, Agylary, Gülküleri bilen, Gijeleri, Gündizleri bilen. Çatryga ýetdik, Yzda galdy şatlyklar, Gaýgymyz, Goşgymyz, Söýgimiz. Çatryga ýetdik Hoşlaşdyk, Sen saga gitdiň, Men sola! • Adyň Barmagym bilen, Aýnaň buglaryna adyňy ýazýan, Aýnaň buglaryndan, adyňy bozýan, Ýene ýazýan, Ýene bozýan, Ýene, ýene, ýene-de. Doly durlananda aýnanyň ýüzi, Özümi däl, Seni görýän aýnada. Dyrnagym bilen, Köňül daglarynda adyňy ýazýan, Köňül daglaryndan adyňy bozýan, Ýazýan, bozýan, Ýazýan, bozýan, Ýene-de, Durlanyp dur köňülim, Durnalyp dur aýna deý. Ýüregim bilen, Şygrymyň teninde adyňy ýazýan. Ibrahim B. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |