18:19 Işbu günüñ goşgusy | |
Bizi dört diwara gabap goýdular, Dört diwaryñ arasynda azaşdym. Çitenekli sime sarap goýdular, Bu zatlary ýañy-ýañy añlaşdym. Dört tarapa barýan ýoluñ dördüsem, Petige diredi, bent bolup galdy. Ýagty gelejek diýp, baky tümlüge gidenleñ täleýi pent bolup galdy. Halkyñ ogullaryn halka duşman diýp, Öldürdiler ýa-da ýaraladylar. Gyzyl ýüzli, ak ýürekli mertleri "Adyl höküm" bilen garaladylar. "Adyl höküm" asyl köküm çüýretdi, Mert ýigitler, asyl ärler galmady. Gör, kimsäniñ çüýrük ideýalary Depämizde baýdak bolup galgady. Satdyk, atdyk, ýaraladyk, öldürdik, Sesin kesip, etin kesip iýdirdik. Salgymy suw diýip görkezip ile, Betbagtlara "Bagtly bizler!" diýdirdik. Göwnühoşlyk dälmi, biparhlyk dälmi Damarmyzda gyzgyn gany sowadan? Hasap soramaga pursat ýetipdir Köñli başga, ýoly bizden sowadan. Beýle diýsem, bu gün başga bir halka Öýdäýmäñ siz edýär diýip ykarat. Bu gün synýar bizi dört diwar içre Gabap saklap duran uly ymarat. Egnimizden basyp duran gara daş aýryldy-da, diklenipdir kaddymyz. Bu gün sorag berýäs: "Goç ýigitleri Siz nämüçin nähak ýere atdyñyz?!" Bu sowala jogap berýän adam ýok, Ol jogap howada asyl-asyl dur. Indi ýurdy dogry ýoldan äkitjek, Düz ýola düşürjek täze nesil dur. Şu gün bu zatlary arkaýyn aýdyp, Çekinmän sözleýän bolsak, elbetde. Arkamyza ýel çalandyr, şoñ üçin, Aýyl-saýyl bolýar gowam, erbet-de. Diñe bir ýol - halk ykbalyn götermek Indi biziñ täleýmizde galan zat. Geçmişiñ ýalñyşyn sapak edinmek Iñ laýyk maksadyñ dälmi, adamzat?! Daşyñdan tikenli simler aýrylýar, Tikenli sözlerem kalbyñdan aýryp biläýseñ sen, ondan soñ öz kowmuña ýagşy sözler aýdyp, hoş sözler aýdyp, Arkaýyn ýaşasak, ösüp-örñesek, Görmesek indi bir öñki şumlugy. Hem salgyna çapman, il-güne, halka Ýurda, Watanmyza etsek gullugy. Il täleýin ýagty ýola çykaryp, Halka perzent bolsak, Topraga - ogul. Gara başy goýup onuñ ugrunda Soñ hoş bolup ýatsak goýnunda onuñ. Topragym, Watanym, ýurdum, il-günüm - Razy bolar bizden milletim, halkym. Ýöne edil häzir ölümde däl-de, Ýaşap ýörmekdedir manysy bagtyñ. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |