01:49 Jelaleddin soltanyñ ejesi Aýçeçek hatyna | |
|
Edebine ebedilik erk ýetmez, Namysy ýüzünde nur-perde ýaly. Tämizligne tegmil düşmez, çirk ýetmez, Sen türkmeniň mert aýaly. Mirasdüşer dogurmansyň tagt üçin, Il merdini serpaý etdiň äleme. Soltan ogluň iliň-günüň bagty üçin, Garşy durdy soňsuz zulum-talaňa. Mertlik bilen çeken ykbal synagyn Goç ýigitler Rüstem Zala taý geljek. Sanjak boldy bize elwan gyňajyň, Şa melikäm, hatyn enem, Aý çeçek. Seniň ýaly şir ýürekli aýaldan Diňe Jelaleddin ýaly är doglar. Duýduk sen bolmaňda ahyr-owalda, Öňden ýowuz bagtymyza gar ýagar. Sil bolup towlanyp akýan derýanyň, Kenarynda sil bolanda ganymyz. Namys bilip ýaga ýesir bermäge, Döwdüleşdik orta goýup janymyz.. Seniň tämizligiň päkligiň hakda, Galsyn diýip ebedilik efsana, Bedeniňi derýa möwjüne atdyk, Şanyň göterildi mawy asmana. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
