11:25 Jelebiñ aýdymy | |
|
Gülgün reñkli rumýanany* ber maña, Görk bereýin eñki gaçan roýuma. Äber ýagy, çalnyp ýalkym saçaýyn, Meñzäp tüm gijäniñ dogan aýyna. Getir bäri, müşk kükeýän atyry, Gaýgyrman sepeýin üsti-başyma. Äkel maña, şol duran dar köýnegi Kim guçmak islese üýşsün daşyma. Şol bulgury uzat, bolaýyn sermest, Öz gara bagtyma gülüp bakaýyn. Betbagt hem gam-gussaly ýüzüme, Göz gapyjy owadanlyk dakaýyn. Tanşym köp, ýeke men, dostsyraýanlardan, Meñki bolsun diýer ýaly dostum ýok. Öñýeten dilinde aş gatyklaýar, Ýöne bir gezeklik... a soñ hiç kim ýok. Eý meniñ şireli, ýalançy lebim, Syrymyñ, derdimiñ öñüni gizle. Emlesinler has köp, bäş-on manady Ýylgyr, posa paýla, kereşme eýle!.. Simin BEHBAHANI. ______________________________ * Rumýana - aýal-gyzlaryñ ulanýan kosmetikaly gutusy Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||
