17:13 Sabyr et, indiki aýa çenli... | |
|
Güýjümi kemelden kyn işiñ hakyn Bir aýyñ soñunda elime aldym. Arzuwa ýugrulan mähremlik bilen Wagt ýitirmän, göni öýe ýöneldim. Ýöne... gynansamam, ujypsyz aýlyk, Ýetmedi ýene-de gerek-dürege! Az boldy öñküje ýygnan pulumam, Nädeýin, zar bolduk döwüm çörege. Balajygym geldi, mölerip bakýar, Haýran galýan ýaly göni gözüme. Oñ nerkes deý günäsizje gözüniñ Arzuw bilen uçganaklan didesi Nägile garady meniñ ýüzüme: "Wah, eje! Geçen aý aýdypdyñam-a, Söz beripdiñ maña eşik aljagña. Möhletin uzaltdyñ, şonuñ üçinem Näme diýsem äbermeli bolarsyñ. Egnime bir bitin eşik alarsyñ. Öñki eşiklem tozdy, çykdy şylhasy, Nirde indi aýdýan aýyñ ahyry? Hany meniñ täze eşiklem nirede?" Utandym, hem diýdim: "Sabyr et, köşek, Hökman alyp berjek indiki aýda". Simin BEHBAHANI. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
