08:32 Kelpeñ ýigit | |
|
Nakys gülküsin edip, barýan gyzy saklady, "Pylan ýerde okýansyñ" diýen bolup çaklady, Söýgi taryny orap, gitjek ýolun bekledi, - Ýit, gümüñi çek! - diýip, gyz ony itekledi, Oglan ýumrugyñ düwüp, çyzgaşdyrdy bilegin. Ýüzi galyñ utançsyz, gören gyza söz gatyp, Gyz sessiz geçiberse, başlaýar haýbat atyp, "Habarlaşmak bolmazmy?" diýýär yzyndan ýetip, Kebelek deý pyrlanyp, birden elinden tutup, Eýdip-beýdip öwürýär gyzlañ enterpelegin. "Öýlenmedik ýigit men" diýip, kakýar döşüne, Iki çagañ atasy - belet il oñ ýaşyna, Ýigrendirdi özüni bütin deñi-duşuna, Aldaw torun gyzlaryñ atyp bilmez başyna, Çünki tutan guşunyñ ütüpdirler ýelegin. Suwumsyz kelpeñ ýigit baga gidip gelmedi, Bir elinde desse gül, bir elinde almady, Bir gyz bilen sözleşýär, añtalýanyn bilmedi, Duýdansyz gelen gelin dulugyna ýelmedi, Gözlerinden ot çykyp, gyzdyrandyr gulagyn. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
