22:24 Kürre bilen dost bolar | |
|
Dostum sada mylaýymdy, Işne türgen hem gaýymdy. Iýenimiz aýra gitmezdi, Bir zat diýseñ, unutmazdy. Ýylgyryp, boýnun ýaplardy, Mähirli gülüp geplärdi. Birden uly işe geçdi, Ýuwaş-ýuwaş ara açdy. Beýgeldikçe wezipesi, Has nazymly çykdy sesi, Ýüzün barha göge tutdy, Salam bermänem unutdy. Bir gün irden öýe gelip, Şorta sözler tapýar gülüp. Towlaşdyryp meñ bilegim, Öwürdi enterpelegim. Ýogsam, düýnem salam bermän, Çaña garyp, gitdi durman. Sebäbin bilip otutsam, Bolan işe göz ýetirsem, Bolupdyr oñ çañyn kakan, Asyl işden boşan eken. Atalaryñ nakyly: "Ýoldan çykan sus bolar, Ýetim galan taý gelip, Kürre bilen dost bolar". Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
