14:58 Kinodaky hindi hokgabazy | |
|
Şowhunlary bilen paýlap ýör gülki Üstünden gülüp ýör öz keç bagtynyñ. Oñ beýik sungatyn diñe ogly däl, Dowam eder soñky bolan agtygam. Şeýdip nesil-nesil, arkama-arka, Hokgabazyñ çyn sungaty ýaşaýar. Gün-güzeran üçin köçäñ ugrunda, Hem adamlañ ýüreginde ýaşaýar. Däbşenekläp, aşyr atyp oýnaýar, Ret edip ol garyplygy, ýetmezi, Eger ykbal beren bolaýsa-da paý, Şundan beýik işi amal etmezdi. Hokgabaz şöhraty dünýä aýlanýar, Kino bilen gezip ýör ol ýurtlary. Aýdymlarnyñ heñi, ýowuz täleýi, Birparh goýanok hyrsyz gurtlarym Sal-sal eşikleri ykbaly deýin, Hem dünýäsi ýaly para-paradyr. Ýöne oñ sungata söýgüsi başga, Kyn günleri bolsa başga ýanadyr. Aýdymlary bilen paýlap ýör söýgi, Gapdalyna alypdyr öz agtygyn. Onuñ ýowuz günlerinde sungaty, Üstünden gülüp ýör öz keç bagtynyñ... Annahal BAÝHAN. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
