POEZIÝA
Arşdan bu Zemine inende Adam,
Poeziýany gursagynda äkelen.
Adam ataň Howa bolan söýgüsi,
Goşgy bilen durlanypdyr akylam.
Soňra öz taýyny gözläp başlapdyr,
Agtarypdyr ony dünýäň ýüzünden.
Bu aýralyk hakda nijeme goşgy,
Goşan Adam ata,
ony bilemzok.
Çünki onuň ýerde golýazmasy ýok,
Soň taýyny tapyp,
düşüp hyjuwa,
Sözläpdir poeziýaň dilleri bilen,
Goşgy ýazmasa-da elleri bilen,
Söýgüden pürepür joşan pursady,
Heniz el degmedik tereň duýgudan,
Poeziýaň başlangyjyn goýupdyr,
Howa — enemize bolan söýgüden.
Meýzana — asmanyň ylham melegi,
Ylham bol beripdir adam kowmuna.
Şat günlerde,
gamly günlerde hasam,
Eýe bolar ýaly akyl-dogmuna.
Soňra poeziýada orun alypdyr
Hem döwran sürüpdir dünýäň miferi.
Baş tema ertekä meňzeş bolupdyr,
Çyna öwrülipdir dünýäň düýşleri.
Döwler,
benijanlar,
arwahlar-jynlar,
Üýşüp, şygryýete dolupdyr bary,
Bakypdyr mukaddes dinlere sary.
Şeýdip, şygryýetiň kämil dünýäsin
Dünýäniň dinleri eýeläpdirler.
Şygyrlaryň dili bilen hikmetde,
Adam ahlagyny söýeläpdirler.
Soňra gurşap alyp köşgi-eýwany,
Şalara ajaýyp serpaý ýapypdyr.
Ýeriň ýüzün basyp alsa-da olar,
Diňe poeziýada karar tapypdyr.
Poeziýa — ruhuň daýanç nokady,
Ol mukaddes,
onda ylahylyk bar.
Dolup-daşyp, dünýä sygmadyk ynsan,
Şygryýetiň kämil gujagna sygar.
Hem ondan güýç alar,
göterlip gidýär,
Basgançak ol Asman-Zemin arada.
Ondaky ýaňlanýan beýik çagyryş
Bakylyk,
Ýagşylyk,
Haýyr barada.
Annahal BAÝHAN.
# garagum_2019
Goşgular