23:01 Köne kada | |
|
Aldym bu dünýeden rysgal paýymy: Datdym şarpygyny, gyzgyn posasyn. Toýlar içre sermes boldum, joş boldum. Tutdum ilim bilen ölenleň ýasyn. Mydam bagt maňa gülüp bakmady, Ýetimligni gördüm, horlugny gördüm. Ene ýer goduklap, öýüm başyma Ýykylanda harabalarda ýördüm. Seretdim garagna biwepalygyň, Agyr derde saldym bu şirin jany. Aldanan ýüregme tesellä derek, Bitakat gijeler çekdim pygany, Dostsumaklar bilen tabakdaş boldum, Syr bermedim, dilim dişläp ýylgyrdym. Ýigrenýänem bolsa ejizlän güni, Delalatym degsin diýip gol berdim. Razy men ykbaldan, öz nobatymdan, Mundan öňem, soňam dogmak islämok. Biz üçin ölçegli baky dünýäden, Ýene bir ynsanyň ömrün küýsämok. Ýok, meni harlaýan o däl, başga zat, Ony bilýän asla ýok bolsa gerek. Dürsmükä jahanda ýaşan ömrümiz, ýa şe,al deý geçýärmikä biderek. Oglum ertirimden seredýär maňa. nämeler diýýärkä perzent ýüregi? Buýsandyrýarmyka barlygym meniň, Ýa-da ýoklugymmy onuň geregi? Megerem, men muny bilmen hiç haçan, Belki-de dogrudyr şu köne kada: Ogullar atalaň ýapýar ýetmezin, Ol şeýledi Magtymguly barka-da. Täşli GURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
