12:08 Konýak-çakyr sergisinde ýaltanyñ oýlanmasy | |
|
Aýlandym kän ýeri, dünýäni gördüm, Bakuwy, Nalçigi, Buýnagy gördüm. Gaýdyşyn Tiflisde kyrk günläp ýatdym, Kyrk ýaşyn dolduran konýagy gördüm. Edil özüm bile gözlüje ýaşyt: Seretdim ýüzüne, seretdim aşyk. Şunça-şunça ýyllaň üstünden aşyp, Ýatypdyr bir ýerde, ýatypdyr joşup. Ne-hä urşa gidip tüpeň atypdyr, Ne-de tylda işläp gatanç gatypdyr. Iki uruş bilen bäş bäşýyllygyň Gapdalyndan nazar salyp ýatypdyr. Ýediýyllykda-da saçan deri ýok, Ýa-da Altaýda-da açan ýeri ýok. Ýa-da meniň ýaly gazanç agtaryp, Selinograda-da uçan ýeri ýok. Emma weli çüýşesiniň ýüzünde Lowurdap dur hatar-hatar kyrk ýyldyz. Meniň weli ýeke ýyldyzymam ýok, Ynha indi kyrk ýyldyr. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
