16:57 "Kür!" | |
|
Hezil edip gürrüñ bererdi atam: "Gumdan bir towşanjyk getirdim kätäm. Şorja et bişdigi, gazan bişdigi Şükür mollajygam taýyndyr taýyn. Günaşa gelse-de boljak-la kaýyl. Emma her gezegem getiren awum Özli-özümize etmänsoñ nesip, Tapdym bir hesip. Bir gün gapymyzy içinden ýapdym!" Diýip, kikir-kikir gülerdi kakam. "Aýagy mesili, Eli tesbili Añyrdan çybşyldap gelendir häkem". Göýä eşegimizi kowandan bolup, Diýenmiş kakam: - Kür, haramzada, Jähennem bol, kür! - Essagpyrylla! Men molla Şükür, Men molla Şükür. - Aý, zyýany ýok, Molla-da bolsañ, kür! Diýerdi: "Şondan soñ, Hudaýa şükür, Bizden aýagyny kesäýdi Şükür." Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
| |
