07:23 Maña düşün! | |
Bir ýanda paşmadyk durmuş bijesi, Bildirlen ynam hem borjum bir ýanym. Sen bolsa kemsinip berýärsiñ azar, Şygra çümen, eý ýazyksyz ykbalym! Hol gün bir ýigidiñ ala gözlerniñ Saña bakanyny "duýmanym" üçin. Azar berdiñ uzakly gün ýürege, Özümi iş bilen güýmänim üçin. Dek düýn elwan gülli ýaza höwrügip, Atygsadyñ durduñ owadan sähra. Maña düşün, janym, beýtmäñ bolanok, Ýogsa, meñem juda ýüregim gysýar. Seni kän ynjytdym üstüñden basyp, Çökäýmeseñ, aladañy etmedim. Islesemem, señ çagyrýan ýeriñe, Içiñ ýakyp, göwnüñ döwüp, gitmedim! Kyn düşdi! Görküme çykdyñ gam bolup, Ýaşlygymyñ soluşyna şaýat sen. Men señ çydamyña buýsanyp gezdim, Bagtym tapyp berdiñ gussa-perýatdan. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
