09:20 Nury-didäm amanmyñ! | |
Nury didäm! Başyñ sagmy? Amanmyñ?! Aladalar bilen güýmäp özüñi, Ýaşap ýörmüñ bu barlygyñ goýnunda, Unutdyñmy on dokuzyñ ýazyny? Gijeler erteki, gündizler baýram! Günler, aýlar geçip gitdi suw ýaly. Herimizi bir ýerlerden çykardy Täleýiñ mañlaýa ýazan ykbaly. Deregñi tutmady hiç mahal hiç kes, Aýdymlarym gussa bilen eýlendi. Ömrümi elekläp bagty gözlesem, Ýene senli günler öñe saýlandy. Belki, indi aýtmaly hem däldirin, Gözlegde geçenin ýaşan ýaşymyñ. Ynsan bagtly wagtyn özi duýmaýar. Islemändiñ çytylmagny gaşymyñ Nem gutarsa ýaşym bilen suwaryp, Guratman sakladym söýgi daragtyn. Garadagym! Janyñ sagmy, amanmyñ? Başyñ dikligini bilmegim - bagtym. Enejan HANGULYÝEWA. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
