08:22 Maňa ganat peşgeş berdiň | |
|
Maňa ganat peşgeş berdiň, uçýaryn! Pelpelleýän guş mysaly gökde men. Arzuw edýän ýene bagty guçmagy, Göwnüm götermäge ussat, ökde sen. Sen — Zeminde iň bir gowy bagbansyň, Öň üstünde gatap ýatan topragyň, Ýalňyz hem ýabany gyzgan bar bolsa, Indi gül açyldy ýaýyp ýapragyn. Güne ymtylan deý, gönükdi saňa, Gunça köp ýatypdy ukuda ozal. Emaý bilen kakdyň göwün taryna, Gözlerňe göründi ol has-da gözel. Gülýapraklar galpyldady enaýy, Säherdäki her damja çyg Gün ýaly. Ylahy gözellik bezär zenany, Mähir berseň, ideg etseň gül ýaly… Terjime eden Orazmyrat Myradow | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
