08:18 Men saňa garaşýan | |
|
Saňa gudrat deýin garaşýan mydam! Islän ýerňe gitmäge-de taýyn men. Deň paýym alaryn şatlykdan-gamdan, «Söýgi ýoň däl» diýselerem, kaýyl men. Ýüregi daş ýaly gatan kişileň Ünsem beremok men diýen-aýdanna. Umytlary inçelendir kirişden, Hyjuwlarnyň bolsa ýüzi gaýdandyr. Dünýe dardyr duýgusy kör ynsana, Kyndyr oňa durmuş çarhyn aýlamak. Bagtyýarlyk — bir-birege günsaýyn Artýan ynam hem-de söýgi paýlamak. Terjime eden Orazmyrat Myradow | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
