21:22 Mersiýe | |
|
Bir asmany bela inip nahandan Ýuwutdy ol düri - gymmat bahany. Dirilikde zerur ol bize jandan Oguz öwladynyñ ruhy-rowany. Eger-çe Nuh ýaşyn berdi owaly Täki bermiş bu gün bady-hazany. Ki bizge ança ýyl durganyň uly Bela sançgan ermiş tiri-kazany. Ony ret eýlemek emri-mahaly Mähw olmaz diýdi onuň ýazgany. Birew ret kylmaga bolsa mejaly Kim ol merdud hem iliň azgany. Ýaşyň üç müňden aşyp törtge mindi Bu ýaşda çekmediň renji-yzany. Oguz öwladyndan aýryldyň indi Ki bizlerge goýup matam-kazany. Seni asmany ajdarha ýuwutdy Sen ol Ýunus, girip tutduň mekany. Jemalyňdan jahan köňlün sowutdy Men oldum Andalyp waspyñ ýazgany. Andalybyň Oguznama poemasynyň 12-nji bölümi. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||
