00:10 Mert atalaň ömri bize görelde | |
|
Watan üçin bolan ähli söweşlerde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligine. Goý, ötenler bilsin, biziň özlerin Mahal-mahal ýatlap duranlygmyzy. Goý, bilsinler olaň baky ruhuna Beýik ýadygärlik gurandygmyzy. Goý, ruhlarna aýan bolsun, olaryň Hatyrasyn saklap ýörendigimiz. Olaň arzuw eden olaň garaşan Garaşsyz günlerin görendigimiz. Olar bize Aýdan aýdyň menzili Tapmak üçin ýollar gözleşipdirler. Saraldyp-solduryp gyzyl meňzini, Erkin durmuş üçin göreşipdirler. Olar hak iş üçin Hakyň ýolunda, Hakykat ugrunda beripdirler jan. Bu uly Watanyň sagy-solunda Söweşip, ýurt üçin boldular gurban. Bu sary sähranyň mele çägesin Gyzyl ganyn saçyp, saklapdyr olar. Söýseler-de aýal-ebtat, çagasyn, Ýurt diýipdir olar bar zatdan ozal. Mert atalaň ömri bize görelde. Egilmän bir Hakdan özgäň öňünde, Ýaşapdyrlar namartlaman, kiçelmän, Dogry durup gelýän gülläň öňünde. Döş gerip, Watana boldular galkan, Gala ýykylsa-da, olar sarsmandyr. Olaň baky jaýy – şu ata Watan, Olaň ruhy jaýy – beýik Asmandyr. Olaň jany bu gün şu belent ýurduň Depesinde uçup ýören owazdyr. Goý, olara mydam eşdilip dursun ruhlarna okaýan aýat-dogamyz. Bilipdirler Watan-ýurt goragynda Ärlerçe durmagyň ýalňyz şertdigin. Mert söweşip, ters söweşip ýow bilen Hem görkezip nusgasyny mertligiň, Şu beýik günlere binýat bolanlaň, Ok öňüni döşi bilen ýapanlaň Bu gün ýene ruhlary şat bolandyr Şu giň sähraň çar künjünde ýatanlaň. Goý, bilsinler ötenlermiz her demde Özlerini ýatlap durandygmyzy. Goý, bilsinler biziň olaň arzuwlan Garaşsyz Döwletin gurandygmyzy. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
