19:29 Musanyň kelamy | |
Müñýyllyk menzillerde Bilmen haýsy asyrda. Niliñ kenarynda doglan ýaly men. Faraonlar baky ýurdy Müsürde. Koý çopany başga hünärimem ýok, Ýalñyz wagtym gygyrýaryn Heheheý. Arasynda Hudaý bilen gepleşýän diýäýmesem, Ygyp ýorün, asman ýyldyzlary deý. Wagt akýar ekeni, Suwlar mysaly, Suwlar akýar hanasynda zamanyñ, Meni bolsa bir sewediñ içinde, Nile atyp halas etjek bolanlar. Emma gaçyp sypyp bolyamy näme, Ýaradanyñ yazgydyndan panyda. Ony meniñ ejem bilen kakamam Hatda Faraonam bilmeýän eken. Azaşan adamlañ sürüsi bilen, Belent Tañryñ arasynda araçy. Ara açyp, gaçyp Müsür ýurdundan, Hasamy uzadyp Gyzyl deñzine, Iki ýana serpip giden ummany, Geçip gitdim bütin ymmatym alyp. Başyn çekip barşyma bu milletiñ Hudaýyñ gudraty bilenem hatda Bu milleti ynandyryp bilmedim. Sylapberdi MUHAMOW. 06.03.2024. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
