00:58 Mysapyryñ küýleri | |
Kän mahal dyman ummanyñ, Şükür et, lal açmanyna. Bilýäñmi neçüýn dymýanym, Mynajat ol asmanyma. Bar zatdan gözledim Seni. Endik her zada añalmak. Ýaradan özüñ jan-tenim, Diýsemem bordy Enel-Hak. Barlygym saña gurbandyr, Älemiñ ähli ýerinden, Ýanymda ýaly görýänsiñ, Bilýäñ, ne geçýär serimden. Kän mahal dyman ummanyñ, Gudratyn gördi bu ruhum. Biz günä bahryna çümen, Lutfuña sataşdyk nädip?! * * * Men ýazmaga zat tapamok, Nirde sen eý galam gaş? Hem ýanmaga ot tapamok, Gözlerde ýok ýalan ýaş. Öñümde garañky gije, Bu ýollarda ýalñyz özüm. Meni öz dertlerim iýjek, Gijaniñ bir wagty örüp. Haýsy akly uzyn aýtdy: Uzyn saçlyñ akly kelte. Men zülpüñ yzlap gaytdym, Ahyr meni Haka elten. Assarly gep ýokdur mende, Ýar diýip, Biribar diýip. Yşk ýürekde, galam golda, Ýola düşýän hyrka geýip. Sen meni ýaksañ ýakyber, Anyk ýanjagma ynanýan. Dowzahda ýansamam barybir, Men Hakyñ yşgynda ýanýan. 31.12. 2022. Moskwa. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||