19:11 Näbelli | |
(Rostow oblastynyñ Lenin hutorynda bolan waka) Öñe gitdi "ura-ura!" sesleri, Yzda goýup ýaralanan esgeri. Esgeriñ obasy şu golaýdady, Golaýlady oba ýaraly esger. Ýöredikçe güýç-mejaly tükenip, Esger ahyr taşlady öz tüpeñin. Ýeri, indi nätsin ýaragy esger?! Ak garyñ içinden göründi mesgen, Tozdurlan obaña ýör indi, esger! Oba sähel ýol galanda, süýrenip barýan ýigit uzyn süýnüp jan berdi. Oñ hutora bakyp gurban bolanyn Ak duman, ak meýdan, ak asman gördi... Kyrk ýyl soñ hutoryñ ýakyn ýanyndan Gar astyndan şol esgeriñ jesedin Gördi göle çopan, tanamady ol, Gelip-gelip bolýan işe esediñ! Tanamady öz balasyn obasy, Meger, indi tanar ýaly hem däldi. Adyn okardan kyn dokumentinden, Öçen surat esgi ýaly sal-saldy. Bu hutoryñ belli ýigdin "Näbelli esger" diýip jaýladylar şan bilen. Ýatyr esger ýigit öz obasynda, Ak duman, ak meýdan, ak asman bilen.. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |