13:27 Nãmüçin? | |
|
Nämüçin? Nämüçin beýle? Sowallar daşymy gurşapdyr bu gün. Düýnki arkaýynlyk nirä gitdikän? Sähelçe zada-da ynjaýar gõwün. Nämüçin her sõzden many gôzleýän, Jogap tapmak üçin selpeýän her ýan. Gõwnüme bolmasa, Õzümem kem-kem Sorag belgisine õwrülip barýan. Nämüçin bu gijäñ asudalygny Şagal ýa şagala meñzeş bir bikär. Gygyryp bozup ýör, Adamlar bolsa Õýünden daş çykman otyr biperwaý? Her ädimde hata gõýberýänleriñ, Kämahal nämüçin geçip deñinden, Õmründe bir gezek ýalñyşýanlaryñ, Dişimizi gyjap çykýas õñünden. Nämüçin iñ ýagty, Nurana ýyldyz, Süýndikan- asmanyn taşlap gaýtdykan? Ýa-da ol ýerde-de gõrip-kezzaplar Barmykan, Oñuşyp gezmek kynmykan? Baý, bu "nämüçinleñ" kôpelýänini, Meñ pikirim-oýum, durkum "nämüçin" Ýogsa-da aýdyñ siz, şu nämüçinleñ Girdabyna düşip ýõrkäm nämüçin? Ya indi õñkûmden agy-garany, Birneme gowurak saýgarýarmykam? Ýa-da gõz ýetirmek üçin bar zada Howlugýarmykam men, Howlugýarmykam? Italmaz NURYÝEW | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
