23:28 Näzenin tilki | |
|
Allegorik degişme Tanaýaryn bir näzenin tilkini, Ol örän eýjejik, owadan tilki. Eger ýolda-yzda gabat gelseñiz, Meniñ sözlerimiñ rastdygna belki, Özüñizem magat göz ýetirsiñiz, Üst-başy uçursyz tämizdir-tämiz! Beýle tämizligi men-ä görmändim, Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz! Ýöreýşi-de degýär onlarça tilkä, Keseden syn etseñ gadam urşuna. Ýerin gaýmagyny bozman barýandyr, Sallanjyrap näz-kereşme durşuna! Salamlaşýar gabagyny galdyrman, Ol hemmä mähriban, ol hemmä eziz, Men-ä beýle asyllylyk görmändim, Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz! Assa basyp geçip giden ýerinden Günuzyn aýrylmaz atyryñ ysy. Göriplikden ýaña ony görende Dodak çöwürýärler tilkileñ käsi. Gelişjek ol kaşañ-kaşañ köşklere, Has gelişjek berseñ ýanyna keniz. Beýle tämizligi men-ä görmändim, Aý ýok, sizem gören dälsiñiz heniz! Bolmaz diýleni çyn bir kemsiz gözel, Wah, nätjek-dä, bir ýetmezi bar onuñ. Diýsem dili bilen söýýän ýigidiñ: "Şeýle aldawçy ol däl çakyñ-çeniñ! Erte-erte diýip, aldap ýörmänjik, Razylygyn berse, toý tutmakçy tiz! Beýle aldawçyny men-ä görmändim, Aý, ýok, sizem gören dälsiñiz heniz!" Hemra ŞIROW. | |
|
| |
