Köwlenýär Jeýhunyñ ruhy Mahal-mahal bu ýerlere. Guwduraýar gidýär ýeller Ysyrganyp buýanlara. Aryklaryñ güzerinde Epesiñ gelýär dyzyñy. Hatarlardan öwsen ýeller Getirýär toýun ysyny. Buýsançly kükreýär suwlar, Buýsançly guşlaryñ sesem. Ýok başga bir üýtgeşiklik, Men şu ýerde diýäýmeseñ.
Hudaýberdi goşgusynda ýele iki iş etdiripdir. ilki: Guwduraýan (guduraýan) ýeller buýanlary ysyrganyp (ysgap) gidýär. soň: Hatarlardan öwsüp toýun ysyny getirýär. owadan, goşgy. Hudaýberdiň inçelikleri duýup bilýän kişiligi bar eken. üstünlikler.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]