16:12 Ol gün ýel öwüsdi... | |
![]() Ol gün ýel öwüsdi ýada gar ýagdy, Kim maňa at goýdy, kim pata berdi. Gadyrsyz perzendi bagyşlap dünýä, Bilmen haýsy ene meni dogurdy?! Bulary bilmänkäm ýetişdim dogan, Soň çaga bolýarmyň... Gelensoň ýaşlyk, Ozal näme gördüm? Görjegim näme?! Bu pikirler, gör, nähili bulaşyk. Ýadymda gazaply ýanwar gijesi, Meni lenç edeni penjesin gerip. Soň men öldürildim... ...Ölüp ýaşadym, Ýaşlygmyň adyna ysnat getirip. Ýok aýdyp biljek däl, mundan artykmaç, Söhbet açyp, geçmiş hakda aýdymy, Ýa bu damardaky ýaşlygyň gany, Joşgun bilen gaýnamasyn goýdumy? Maýsa kösüklände gülli sährada, Günden sorasynlar meniň derdimi. Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhym bilen söýýändirin ýurdumy. Surat: Gaetano Belleý / "Ýelli gün" | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |