15:47 Ölümiñ öñ ýanynda aýdylan sözler | |
Ahmet Bekmyrada "Barsañ döwran ötdi diýgil daglara..." (Halk aýdymyndan) Bilmedim men: bizden döwran ötdümi - Ne arwahdan, Ne ajaldan gorkaram, Geçirdim bu ömri köne güpbüli Hem ýetirdim süýreý-süýreý kyrkyma. Köñül aýdymlarym sabadymyka?! - Ne owaz bar, Ne sowal bar. Dymyşlyk. Şu pursat iñ soñky sagadymmyka?! - Didaryn küýseýän köne tanyşlañ. Buýsançly baglaryñ başlary egik, Buýsançly gyzlaryñ yşky solupdyr. Ýetişdim, gör, kimleñ göwnüne degip, Yşkymdan, gör, kimleñ göwni galkdy. Ýylgyryp gezdim men başardygymdan, Ýygrylyp gezdim men - tebigatymdan. Nadyl bolmasam-da ýaşan günümden, Mensiz günler üçin tebil tapyndym. Döwründe asmanyñ Aýyn diledim, (Oña ýeten barmy?!) Galdym söýüb-ä, Kä ýognaldy, kä inçeldi bilegim - Özüm götermedim ilden beýige. Ýürekdeş tapyndym - ýitirip gördüm - (Ençe söwer dostum ötdi aýatdan). Egnimde il derdin göterip gördüm, Öñde-de däl, galmadymam aýakda. Bilmedim men: bizden döwran ötdümi, Ýa ýene-de Tañryñ gözi düşermi? Geçirdim ömrümi köne güpbüli, Hem ýazynyp sary gaçan düşegmi... 13.08.1990 ý. Döwlet GARKYN. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
