21:42 Özüme häsiýetnama | |
|
Meniñ häsiýetim, gylygym şeýle: Başarsam dogrymy sözleýärin men. Başarmasam welin, köñlüm dogada, Pyşyrdap, asmana gözleýärin men. Keriñ eşitmesi, körüñ görmesi - Gudraty güýçliniñ goldaw bermesi! Bolaýýar-da, halamasam näkesi, Görsem, göz ýumamok, duzlaýaryn men. Gam ne? Bilmez gam laýyna batmagam, Gamda galsam, umyt diýdi: - Etme gam! "Golaýma gelmesin - diýýän - betlagam" Ak ýürek ynsana dözmeýärin men. Il bilen geçirdim ýaz-u-gyşlarmy, Il bilen uçurdym elguşlarymy, Ýalñyşsam, halk aýtsa ýalñyşlarymy, Derhal ýalñyşymy düzleýärin men. Obama baramda, diýdi bir daýym: "Şygry beren gursagyñdyr serpaýyñ". Diýdim: "Il-ulusa hyzmata taýyn, Bu ýürek joşmasa ýazmaýaryn men!" Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
