16:57 Paýtagt | |
|
Parhy ýok bu ýurduñ haýsy ýerinde doglanam bolsañ, Bu ýere durmuşa çykyp gelen gyz Ýa okuwa gelen oglanam bolsañ. Indi sen paýtagtyñ bir bölegisiñ, Onuñ bilen bagly şatlygyñ, bagtyñ. Bu taýa öwrenşip gidersiñ basym, Sen hem raýatysyñ bitewi halkyñ. Paýtagtym - bu ýurduñ ýüregi bolsa, Welaýatlar oña barýan damardyr. Meselem, men Mary Gökje obasynda doglup, göbek ganym şonda damandyr. Barybir men indi paýtagta örkün örkläp, gol ýaýradan daragt mysaly ösüp, bu şäherde ýaşaýan erkin, Ýürekde besläp müñ arzuw-hyýaly. Paýtagty - uly ýurduñ raýatlaryn Öz goýnunda jemläp, merkezleşdirýär. Dünýä ýaýrap giden türkmenleñ baryn Ol aýra tutanok, Ol birleşdirýär. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. "Garagum" žurnaly, 5 / 2016 ý. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
