10:27 Piskarýew gonamçylygynda | |
(Bu gonamçylykda gahryman Leningrady goramaga gatnaşanlaryñ 500 müñüsi hormat ukusynda ýatyr). Gün dogsa tegelek çörege meñzäp, Nuruna garalyp döküler güller. Bäş ýüz müñ dis-diri ýürege meñzäp Ýatanlara gelip baş eger iller. Ýarym million arman, Ýarym million ruh Hormatyna siñip topragyñ, halkyñ Ýatyr hereketden bolsa-da mahrum, Diri ýüreklerde direler baky. Bu ýerde mertligiñ, mukaddesligiñ, Alamaty ýa-da nusgasy däl-de, Özi ýalyn bolup çykýar giñlige, Oña başyn egýär gelen mähelle. Watanyñ söýgüsin jemläp bir ene Sadyk perzentlerne mährem garap dur. Hesretli günleriñ ýowuz şemaly, Henizlerem onuñ saçyn darap dur. Watany janyndan eziz görenler - Mukaddes Ýerdäki bäş ýüz müñ ýürek Gelene ýatladýar: - Dünýä bu günler Rahatlyk gerek! Rahatlyk gerek! Abdyreşit TAŞOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |