(Tabygyn - bu Pygamberimizi görmedik, emma, pygamberimiziň sahabalaryny gören kişi bolýar)
Pygamberimize aşyk Tabygynlardan biri Sahabany görende: "wah, wah bu gözler Pygamberimizi görendir... oňa nazar salandyr.. bu nähili bagt ahyryn" diýip, oňa höwes edipdir. Sahaba bolsa oňa "sen şu ahwalyňa şükür et, Alla saňa iman nesip eýläpdir... men şeýlebir gözlerim gördüm-ki, ol gözler pygamberimizi görsede, oňa iman etmediler, oňa garşy çykdylar, oňa daş atdylar" diýipdir...
Dogrudanam, Pygamberimiziň doganoglan agalary (Ebu Leheb) oňa iman getirmän, oňa garşy duryp bi iman geçdiler. Pygamberimiziň Medinä hijret etmeginiň sebäbi hem şol. Öz bile ösüp ulalan garyndaşlaň, kowumdaşlaň, obadaşlaň Haka çagyraňda özüňe duşman bolup, ölüm bilen haýbat atyp, gaçyp çykmagyňa sebäp bolsalar..
Bu döwürde Pygamber bolsa diýýäňiz... diýeni edilmeýän, sünnetine eýgerilmeýän pygamberden ne derkar? Hatda, sahabalar derejesinde gorap hem bilmezdik häzirki döwürde pygamber iberilse...
Çünki pygamberimizden şeýle hadys bar "Şeýle bir zaman geler, kişi öz dinini saklajak bolşy, edil közi elinde saklan ýaly bolar, gysymlasa eli köýjek, gaçyrsa iki dünýäsini harap etjek. Şeýle zamanda meň bir sünnetimi berjaý eden adama bir şehidiň sogaby beriler" diýipdir.
Özüni görmän iman etmegimiz bilen, şeýle buşluk hadysyň içinde orun almak bagtymyz bar