12:00 Rubagylar | |
Şat günüňde, gül geler, gujak-gujak, Ýöne durmuş nira barýaň, ugur hanjak?! Kyn günümde goldar diýen hemdemim — Duýman durkam ýeňseden urdy pyçak. Diýýärler: “Gepleme, tamda gulak bar”, Hiç kim ýok diýme, Biribar eşdip dur. Bak, şeýtanyňam gulagy gapyk däl — Onsoň neneň, çykan syryň gizlin bor. Atyň aýagynda görki, Är ýigdiň gaýraty-erki. Towşanyň dogduk depesi — Merdiň watanydyr örki. • Jelaletdin Rumydan Yşkdan ýaňa serhoş, gözlerimde ýaş, Aklym aldyran däl, men bir juwan ýaş. Haka sežd etmekden büküldi bilim — Emma ondan gaýra egilmez bu baş. • A.S.Puşkinden ýatda galan setirler: Şa Aleksandryň sütüninden beýik, Söz sungatdan heýkel gurdum, halaýyk. • XI-XIIasyrda ýaşan, Seljuk soltanlygynyň iň meşhur köşk şahyry Enweriden: Baý bolsa-da, jomartlyk, pakyrlyk (pespällik) edip bilýän - Adam, Pälinde ýamanlyk bolsa, şeýtandan özduran - nadan. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
