14:29 Rubagylar | |
Telekeçi boldy, ykbaly utup, Baý, baýap gitdi Ata kesbin tutup. Bar harydyn pula çalşyp gutardy — Indi gazanç edýär lebzini satyp. Nebse haý diýp, hak üçin urup gadam, Soň namaz okasaň, niçik bor adam?! Il gözüne çöp atyp eglip-galýaň — Ýa hasaplap ýörmüň Allanam nadan?! Dili dogada, edýäni ogurlyk, Haýran galyp, diýseňem bu nä gylyk?! Almaga şeýle bir endik edipdir — Görse, haram gyldanam aljak ýolup. • XII-XIII asyrda ýaşap, gündogar edebiýatynda guş dili adalgasyny girizen örän meşhur akyldar şahyr hem yslam ulamasy Feridetdin Attardan: Pana ygtybar ýok, dilim guş dili, Syrdaşym ýok, derdim aýdarym ýaly. Hak Hossarym ýetiş guluň dadyna — Ýalançyda ne diri men, ne öli. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
