12:29 Sadaka dileýän çagaly aýal | |
|
Gundagly bäbegiñ öñüñe alyp, Belki utanjyñdan, bir gysym bolup, Otyrsyñ günuzyn ýol ýakasynda, Üst-başyñ eleşan, Ýüz-gözüñ soluk. Nätjek-dä, mejbursyñ, şeýdip gün görýäñ, Her ötegçä süñklek elleriñ serýäñ, Görmezlige salyp geçip gidýän bar, Bar kagyz manatlyk, Şaýylyk berýän. Beýle hala salan ne kysmat-durmuş?! Çaganyñ kakasy nä hudaý urmuş?! El sermäge mejbur eden enäni, Ýüzüne köz degsin, bu niçik gurluş! Seni görüp, gaçdy çydam-kararym, Al, az görmäweri jübimde barym! Ile el serib-ä ýöremok welin, Juda öwerlik däl meñem mydarym. "Sadakañyz üçin köp-köp sag boluñ!" Bagtdyr döwlet diläp, göterýäñ goluñ. Şol zatlary dileýärin saña-da, Tañry berse, meniñ paýymam alyñ! Hemra ŞIR. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
