18:25 Saña duşan günüm | |
|
Saňa duşan günüm şeýleräk gündi, Adaty günlere meňzemeýärdi. Gökde gaýyp ýören akja bulutda Diňe ikimiziň keşbimiz bardy. Ýüzümizi ýelpäp ýakymly şemal Hem hiňlenip bir mylaýym ses bilen, Ýapraklara düşen suratlarmyzy Sypalap geçýärdi çyn höwes bilen. Güller öňküsinden has owadandy, Sülmüräp, çendan bir yrap başlaryn, Walla, melul bolup diňleýärdiler Biz hakdaky aýdymlaryn guşlaryň. Ýaşlyk kiçi-girim ýere sygýarmy?!. Gujagyn giňeldip barha gözýetim Bizi mähir bilen bagra basýardy Hem görýärdi buýsanmagyň lezzetin. Nuranady adamlaryň ýüzleri, Şadyýandy joşa gelen töwerek. Olar biziň öýe ýylgyryp bakýan Toýa taýynlanan bolsalar gerek. Durmuş ak ýollaryn hödürleýärdi, Älem bize howandardy, howandar. Şol gün biziň günümizdi, ezizim, Bellemegi unutsa-da kalendar. Ähli zat täsindi, ähli zat geňdi... Saňa duşan günüm şeýleräk gündi. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
