07:07 Sargyt | |
|
Turjak boldy aýak diýen etmedi, Ýürek gürsüldedi, gan urdy kellä. Ýaşyl ýaýlalaryň mejnuny gojaň Uzak ömri ýetdi ahyrky pellä. Ony hemmeden öň özi duýdy oň, Üýşürip hossaryn, ýygnap dost-ýaryn, Diýdi: «Ömür sürüp bildim dünýäde, Men öz ykbalymdan razydyryn. Ýagşysynam gördüm, kemim galmady, Ýamanynam gördüm, kemim galmady. Diňe sizi hemem sähramy synlap Gözlerim doýmady, mährim ganmady. Gördügimçe ýene göresim geldi, Sizi bilelikde küýsedi ýürek. Äkidiň şol ýana, sähradyr sizi Men bu gün synlaýyn iň soňky gezek...» Şeýdip, pahyr öz ahyrky sargydyn Dost-ýaryna düşündirdi mazaly. Nätjek, şonam aýdyp ýetişmek üçin Uzak ömür gerek gojaňky ýaly. Maňa şeýle ömür nesip edermi, Bilemok, ahyrky pelläm nirede? Biljegem bolamok, ýöne ezraýyla Orta ýolda duşup, dara-direde. Ýetişmesem soňky sözi aýtmaga Ýa dilim öwrülmän, bolsam bir gysym, Sargyt etmän gitdi diýmäň dünýeden, Şol gojanyň sargydydyr sargydym. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
