22:39 Saryçyrmaşyk | |
|
Gör nähili myrtar saryçyrmaşyk, Ekinleri baýnadanok çyrmaşyp. Onuñ bar öserni kerep deý örter, Şeýdip ösjek zadyñ ösüşin kerter. Meñzär seçek-seçek sary sapaga, Kesek salan ýaly salyp sapana Ýerde-ýurtda goýman gaýdyrsañ ony, Şonda-da günleriñ ýene bir güni Sen haýran edip ol sary çypar, Sary içýan bolup alnyñdan çykar. Ýöne takyr ýere urmaz köküni, Ösümlik, ekine atar ýüküni. Onuñ özi üçin össe bolany, Ekinleriñ saralany-solany Piñine däl, gitdigiçe ýaýrar ol, Ekinde-de iñ gowusyn saýlar ol. Ýap-ýaşyl ýapragam samandyr onsoñ, Başga ýerden çykar bir ýerden ýolsañ. Ekiniñ tenine temen dek çümer, Ýuwaş-ýuwaş şeýdip süññüne sümer. Galtaşdygy her baldagy ýarar ol. Ösümligi sülük bolup sorar ol... Nebsijeñler misli saryçyrmaşyk, Bizi iýip barýar olar çyrmaşyp... Sapar ÖRÄÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1987 ý. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
